Syýahatçylary goramagyň halkara kodeksi taýýarlanylýar

  • 06.06.2021 14:13
  • 4.3k+

Pandemiýa adamlaryň syýahat edişini hemişelik üýtgedip biler, ýöne bu gezek ol gowy manyda. COVID-19 sebäpli dörän adatdan daşary ýagdaýlarda müňlerçe adamlaryň başdan geçirmeli bolan bulaşyklyklarynyň we lapykeçlikleriniň dolanyp gelmezliginiň öňüni almak üçin Bütindünýä syýahatçylyk guramasy (UNWTO) Syýahatçylary goramagyň halkara kodeksiniň üstünde işleýär. Onuň maksady Ýer ýüzündäki ähli syýahatçylara «ätiýaçlandyryş toruny» hödürlemekden ybaratdyr. 

Alisiýa Gomes, UNWTO-nyň hukuk maslahatçysy: 

«Syýahatçylar öz bolýan ýurdunda pandemiýa ýaly adatdan daşary ýagdaýlar (ol ýer titremesi, sunamiler ýa-da gapma-garşylykly ýagdaýlar hem bolup biler) ýüze çykanda, ilkibaşda başlangyç kömek alarlar. Oňa lukmançylyk we beýleki hyzmatlar, zerur bolan ýagdaýynda bejergi, Watanyna dolanmak, wiza almak ýaly hyzmatlar girýär. Bularyň ählisi syýahatçylaryň özlerini howpsuz duýup, sag-aman öýüne dolanyp barmaklary üçin zerur bolan kepilliklerdir». 

Massimo Garawalýa, Italiýanyň syýahatçylyk ministri:

«Syýahatçylyga has aýdyňlyk zerur: anyk, ýönekeý we çalt hereket edýän düzgünler. Haçan-da, olar girizilende, syýahatçylyk öz-özüni dikeldip biler».

Dünýäniň 100-den gowrak döwleti, şol sanda olaryň awiakompaniýalary, myhmanhanalarydyr syýahatçylyk agentlikleri we operatorlary Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen işleşýär. Olaryň ählisi-de has howpsuz, has aladasyz syýahatçylygy üpjün etmek üçin amatly bolan düzgünleri işläp taýýarlamak hakynda pikirlenýärler. 

Ozgul Oksan Ýawuz, Türkiýäniň syýahatçylyk ministriniň orunbasary:

«Biziň maksadymyz adatdan daşary ýagdaýlarda daşary ýurtly syýahatçylar üçin minimal halkara standartlary işläp taýýarlamakdan ybarat. Biz öz işimizde COVID-19 pandemiýasy döwrüniň tejribesinde alnan sapaklaryň ählisini peýdalanmaga çalyşýarys we pandemiýadan soňky döwürde-de ähli adatdan daşary ýagdaýlary öz içine alar ýaly halkara kodeksi, ýagny töwekgelçilikleri dolandyrmagyň özboluşly guralyny döretmek isleýäris».

Umumy we ýeke-täk çemeleşmeleriň kabul edilmeginiň zerurlygy syýahatçylyk pudagyndan dolandyrylýan taraplaryň ählisi tarapyndan Ýewropa komissiýasynyň we Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Afinyda geçirilen bilelikdäki mejlisinde nygtaldy.  

Allesandra Priante, UNWTO-nyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň direktory:

«Biz örän anyk we güýçli duýduryş berýäris, çünki häzirki Ýewropa sebitleýin komissiýasy bu guramanyň taryhynda iň köp adamlysydyr. Ol diňe bir bu ýere biziň ähli agza ýurtlarymyzyň gatnaşýandygy üçin däl, eýsem, bizde ministrlerdir olaryň orunbasarlarynyň, döwlet sekretarlarynyň hem örän köp sanlysy bar. Munuň özi syýahatçylygyň syýasy ähmiýetiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasy. Adamlar durmuşda syýahatçylygyň, hakykatdan-da, uly orun tutýandygyna düşünýärler»

Syýahatçylary goramagyň halkara kodeksiniň taslamasy şu ýylyň güýzünde taýýar bolar. Ol tassyklanandan soň, agza döwletler kanunçylyk namalaryny kabul edip, milli syýahatçylyk pudagynyň täze kabul edilen düzgünlere laýyk gelmegini gazanmaly bolarlar.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......