Nobel baýragynyň eýeleri howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça aladalanýarlar

  • 05.06.2021 19:34
  • 7.9k+

Beýik Britaniýada geçiriljek Uly ýediligiň (G7) ýurtlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Nobel baýragynyň eýeleriniň 120-den gowragy ýörite Jarnama gol çekdiler. Onda dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna howanyň üýtgemegi bilen bagly tagallalary işjeňleşdirmäge çagyryş beýan edilýär. Bu barada dürli habarlar gulluklarynyň maglumatlaryna salgylanyp, Trend agentligi ýazýar.

«Dünýä ýüzi biosferanyň üýtgemeginiň uzaga çekýän we yzyna gaýtaryp bolmajak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olary yzyna gaýtarmak üçin bolsa wagt gidýär» — diýip, resminamada bellenilýär. Şoňa görä-de, Nobel baýragynyň eýeleri döwlet we hökümet ýolbaşçylaryny, çenli näçe çalt boldugyndan, 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň goýberilişini iki essä çenli azaltmaga çagyrýar. 

Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Nobel baýragynyň eýeleri hem-de ylym, ykdysadyýet, syýasat, medeniýet we beýleki ulgamlaryň wekilleri üstümizdäki onýyllykda hemmeler üçin has oňat geljegi üpjün etmek boýunça görülmeli çäreler barada pikir alyşdylar. Meşhur alym Ýohan Rokstrýomyň aýtmagyna görä, şu wagta çenli Nobel baýragynyň eýeleri tarapyndan adamzada beýle aýdyň ýüzlenilmedi. Olar biziň ýolberilmesiz töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyz hakynda umumy pikire geldiler. Töwekgelçilikler uly, şoňa görä-de, zerur bolan çäreler hem görlüp-eşidilmedik bolar.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......