Gündelik gezelenç adamyň ömrüni uzaldyp biler

  • 05.06.2021 16:19
  • 6.3k+

Milli rak institutynyň hem-de Garrylyk institutynyň amerikan barlagçylary her günki ädimleriň möçberini kadalaşdyrmak arkaly adamyň saglygyny ep-esli gowulaşdyryp, ömrüni uzaldyp bolýar diýen netijä geldiler. Bu barada lenta.ru habar berdi.

Alymlar synaga gatnaşan 40 ýaşdan uly adamlara üç ýylyň dowamynda gözegçilik etdiler. Birinji topara her gün 4 müň ädim, ikinji topara - 8 müň ädim, üçünji topara bolsa günde 12 müň ädim ýöremek tabşyryldy.
Şeýlelik bilen, alymlar ädilen ädimleriň sany bilen ömrüň dowamlylygynyň arasynda ýakyn arabaglanyşygyň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ikinji topardaky synaga gatnaşyjylaryň ähli sebäplerden ölüm ähtimallygynyň 51%, üçünji topardakylarda bolsa 65% azalandygy bellenilýär.

düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......