2021-nji ýylyň maýy bitkoiniň taryhynda iň ýaramaz aý boldy

  • 05.06.2021 16:17
  • 9.6k+

Bitkoin üçin maý aýy taryhda iň ýaramaz aý boldy. Bu aýda bitkoin 50%-den gowrak, ýagny 30 müň dollara çenli arzanlady diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Ýylyň ikinji çärýegi bitkoin üçin ýokary girdejili bolan hem bolsa, aktiw 2021-nji ýylyň şol döwründe hiç hili peýda görüp bilmedi. Ýaňy tamamlanan maý aýy esasy kripto walýuta üçin şowsuz aý boldy diýip arkaýyn aýdyp bolar. Aktiw geçen aprel aýynda taryhy rekord derejesine — 65 müň dollara ýetenden soň gaty meşhur boldy, ýöne ahyrynda ýene 60 müň dollardan aşaklady.
Aslynda, maý gowy başlapdy. Bitkoin ilkinji hepdede birnäçe müň dollar ýokary galdy. Hatda 60 müň dollarlyk çägi geçmäge hem ýakyn geldi. Ýöne netijede muny başarmady we bu kripto jemgyýetinde ynjalyksyzlyk döretdi.
Birnäçe günüň içinde kripto puluň hümmeti 58 müň dollardan 50 müň dollara, soňra bolsa 40 müň dollara çenli arzanlady we netijede, 19-njy maýda 30 müň dollara düşdi. Şondan bäri bitkoin birneme ýokary galan hem bolsa, henize çenli 40 müň dollardan geçip bilmedi.

şu gün 10:45
2.3k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

şu gün 09:49
1.4k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

düýn 14:20
2.6k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:29
4.6k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....