Dynç alşa gitmek üçin haçan sanjym almaly?

  • 04.06.2021 08:16
  • 18k+

«Sanjym üçin amatly wagt — dynç alyşdan bir aý öň» — diýip, Russiýanyň lukmançylyk klinikalarynyň biriniň baş lukmany Sergeý Dlin aýdýar. Bu barada ol «МИР 24» teleýaýlymyndaky söhbetdeşlikde gürrüň berip, bu möhletiň dynç alyşda adamlaryň rahatlygyny üpjün edip biljekdigini hem-de onuň immunitetini artykmaç agram berilmeginden gorajakdygyny aýtdy.

«Ikinji sanjymy dynç alşa gidilmeginden azyndan iki hepde öňünden almagy göz öňünde tutmaly. Dynç alşa gitmek üçin sanjym almagyň wagty azyndan bir aý öňünden bolmaly. Ikinji sanjymdan soň käbir çäklendirmeler güýje girýär. Wagt geçmeli we ondan soň adamda hiç bir çäklendirme bolman, goraglylygynyň üpjün edilendigi sebäpli ol psihologik taýdan hem özüne ynamly bolar» — diýip, lukman belleýär.

Şeýle hem ol, aýratyn-da, uly ýaşlylara we gaýtalanyp durýan keselli adamlara dynç alyşdan öňki sanjymlaryň edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň kesellemek töwekgelçiliginiň ýokarydygyny aýtdy. Sanjym döwründe adamyň bedeni antitela işläp çykarmaga ukyply bolmaly we şoňa görä-de, oňa köp agram düşmeli däl.
Sergeý Dliniň sözlerine görä:  «Dynç alyş hemişe fiziki agramyň ýokary bolmagy bilen häsiýetlendirilýär, çünki adamlar suwa düşýärler, daga gidýärler, Günüň aşagyndaky işjeňlik hem immunitete täsir edip, munuň özi dynç alyş döwründe goşmaça töwekgelçilik we oňaýsyzlyk döredýär». Lukman sanjymdan soňky 3-5 günüň dowamynda bedeniň sanjym edilen ýerine suw degirmezligiň we oňa fiziki agram bermezligiň zerurdygyny hem ýatladýar.


16.12.2022 10:01
38k+

«Türkhowaýollary» Türkmenistana uçuşlarynda COVID-19-a PZR barlagynyň talabyny ýatyrdy

Turkish Airlines Aşgabada we Türkmenbaşy şäherine ýerine ýetirýän howa gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin COVID-19-a PZR barlagynyň netijeleri bolan kepilnamany talap etmegini ýatyrdy. Bu barada Orient...

06.12.2022 12:49
34k+

S7 bilen «Belawia» türkmenistanlylar üçin Moskwadan we Minskiden gatnawlarda PZR-testini ýatyrdy

S7 Airlines rus we «Belawia» belarus awiakompaniýasy Moskwadan we Minskiden Türkmenbaşa halkara gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlaryndan COVID-19 üçin PZR barlagynyň netijesini talap etmegini bes etdi. Bu barada S7...

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......