S7 bilen «Belawia» türkmenistanlylar üçin Moskwadan we Minskiden gatnawlarda PZR-testini ýatyrdy

  • 06.12.2022 12:49
  • 34k+

S7 Airlines rus we «Belawia» belarus awiakompaniýasy Moskwadan we Minskiden Türkmenbaşa halkara gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlaryndan COVID-19 üçin PZR barlagynyň netijesini talap etmegini bes etdi. Bu barada S7 Airlines bilen «Белавиа» awiakompaniýalarynyň resmi saýtlarynda habar berildi.

Türkmenistana girmek üçin PZR barlagynyň otrisatel netijesini ýa-da antibedenjikler üçin barlagy Türkmenistanyň raýatlaryndan başga ähli raýatlar we awiakompaniýanyň ekipažlary görkezmeli. Resminama uçuşa çenli 48 sagatdan giç bolmadyk möhletde berlen bolmaly.
Türkmenbaşy şäherine gonanyndan soň, ähli ýolagçylar, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary koronawirus ýokanjyna goşmaça barlagdan geçmeli.
Ýatlatsak, S7 Airlines 2022-nji ýylyň dekabryndan başlap Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça hepdede iki gezek — duşenbe we penşenbe günleri gatnawy ýerine ýetirýär. Habarlaşmak üçin: +74957830707.
2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 21-nji marty aralygynda «Belawia» kompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. Habarlaşmak üçin: +375172202555.


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......