«Türkhowaýollary» Türkmenistana uçuşlarynda COVID-19-a PZR barlagynyň talabyny ýatyrdy

  • 16.12.2022 10:01
  • 38k+

Turkish Airlines Aşgabada we Türkmenbaşy şäherine ýerine ýetirýän howa gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin COVID-19-a PZR barlagynyň netijeleri bolan kepilnamany talap etmegini ýatyrdy. Bu barada Orient agentligi awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.

Indiden beýläk, türkmenistanlylar barlagy diňe ýurda gelenlerinde geçmeli bolarlar. Mundan öň, Belavia bilen S7 awiakompaniýalary hem şular ýaly düzgünleri girizdi. Turkmenistan airlines hem Russiýadan ýurdumyza dolanyp gelýän raýatlarymyz üçin PZR barlagynyň jogabyny talap etmez.
Islendik awiakompaniýanyň uçary bilen Türkmenistana gelýän ähli daşary ýurtlular üçin uçuşa çenli 48 sagatdan giç bolmadyk PZR barlagynyň jogabyny görkezmek hökmandyr.
Turkish Airlines Stambul – Aşgabat ugry boýunça gatnawlary çarşenbe we şenbe günleri, Aşgabat – Stambul ugurlary boýunça penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrýar. Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlar her duşenbe we anna günleri amala aşyrylýar.


08.06.2026 15:19
5.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......