R.Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy bilen duşuşdy

  • 03.06.2021 18:59
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşygynda häzirki wagtdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler, şeýle-de öňde duran döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Jon MakGregor türkmen tarapyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.
Diplomatlar ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary, Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça býurosy, Köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly institutlary bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy bellenildi.
Energiýa howpsuzlygy ulgamynda, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde energiýa durnuklylygy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamakda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ulag durnuklylygy agzalyp geçildi. “Gündogar-Günbatar” geçelgesiniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bilen bagly pikir alyşmalar boldy. 

Taraplar umumy maksatlara ýetmekde işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......