Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara hereketleriniň ugurlary maslahatlaşyldy

  • 03.06.2021 18:53
  • 19k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen geçiren onlaýn görnüşindäki duşuşygynda özara hereketleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, taraplar şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Hökümeti bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky taslamalaryň maliýeleşdirilmegine we bilelikde maliýeleşdirilmeginiň Baş ylalaşygyna degişli meselelere hem seredip geçdiler.
«Türkmenistanda adam söwdasynyň pidalarynyň degişli ugurlara gönükdirilmeginiň milli guralynyň işe girizilmegi» atly täze milli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere hem jikme-jik garaldy. Türkmenistan tarapyndan adam söwdasyna garşy göreşmek, şol sanda onuň pidalaryna hukuk hem-de durmuş häsiýetli gaýragoýulmasyz kömekleriň berilmegi babatynda milli derejede alnyp barylýan hereketler beýan edildi. Şonuň ýaly-da adam söwdasynyň pidasy bolan adamlar bilen işlemegiň kesgitlenen tertibiniň öwrenilmegi üçin hünärmenleriň okadylmagynyň zerurlygy nygtaldy.  


düýn 22:17
909

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......