Ishak Gersog Ysraýylyň Prezidenti wezipesine saýlandy

  • 03.06.2021 18:40
  • 9.4k+

Ishak Gersog Ysraýylyň on birinji prezidenti boldy. Ol Knessetiň mejlisinde gizlin ses bermek arkaly saýlandy diýip, “Times of Israel” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Gersogy 87 deputat goldady. Saýlawlarda onuň garşydaşy ýurduň taryhynda prezidentlige dalaş eden ikinji zenan Mirýam Peres boldy. Gersog iýul aýynda prezident wezipesinde Reuwen Riwliniň ornuny çalşyrar.

“Men siziň meniň üstüme ýüklän uly jogapkärçiligiňizi tolgunma bilen kabul edýärin. Men bütin ysraýyl jemgyýetine gulluk etmek hukuklaryny kabul edýärin” – diýip, Ishak Gersog belledi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Gersogy prezident wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa “Ysraýylyň ähli raýatlarynyň adyndan” üstünlik arzuw etdi.
Gersog 2018-nji ýyldan bäri Ysraýyla gaýdyp gelmek işi bilen meşgullanýan Ysraýyl üçin “Sohnut” ýewreý agentligine ýolbaşçylyk edýär. Onuň kakasy Haim Gersog 1983-1993-nji ýyllar aralygynda Ysraýylyň altynjy prezidenti bolupdy.

şu gün 19:25
274

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.7k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.8k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....