Ispaniýa 7-nji iýundan dünýäniň ähli syýahatçylary üçin açylýar

  • 03.06.2021 09:10
  • 8.8k+

Ispaniýanyň häkimiýetleri syýahatçylaryň ýurda girmek ygtyýaryny ýene-de giňeltdi. 7-nji iýundan ýurda dünýäniň ähli künjeginden syýahatçylar baryp biler. Bu barada runews24.ru habar berýär.

Ilkinji nobatda, bu koronawirusa garşy sanjym alan daşary ýurtlulara degişli. Syýahatçy derman serişdeleri boýunça Ýewropa komissiýasy tarapyndan tassyklanan sanjymlary almalydyr. “Sputnik V” sanjymy Ispaniýada tassyklanan sanjymlaryň sanawynda heniz ýok. Ol häzirki wagtda gözden geçirilýär we bellige alynýar.
Ýewropa bileleşiginiň COVID-howpsuzlyk sanawyna girizilmedik üçünji ýurtlardan gelen syýahatçylar hökman otrisatel PZR-barlagyny görkezmeli. Şeýle-de, adamyň uçuşdan 2 hepde öň sanjym alandygyny delillendirýän lukmançylyk şahadatnamasyny bermeli bolar. Ýaponiýa, Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlary öz içine alýan “ýaşyl” sanawdan bolan syýahatçylara otrisatel barlag netijesi bolmasa hem girişe rugsat berilýär.
Ispaniýanyň häkimiýetleri bu “açyklygyň” esasynda optimistik çaklamalary öňe sürýärler. Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes şu tomus syýahatçylaryň sanynyň koronawirusdan öňki derejesiniň 30-40%-ine ýetip biljekdigini çaklaýar. Syýahatçylygyň goşandy bilen ýurduň JIÖ-i hem gowulaşar we ýylyň ahyryna çenli 70%-e çenli ýokarlanyp biler.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....