Aşa köp uklamaklyk saglyga nähili täsir edýär?

  • 02.06.2021 22:02
  • 20k+

Mälim bolşy ýaly, ukynyň adam saglygyna we özüni duýşuna täsiri örän uly. Şonuň üçin hem köplenç ukusyzlygyň howpy hakynda, şeýle hem köp uklamagyň zyýanynyň kiçi-girim däldigi barada aýdylýar. "ScienceAlert" neşiri köp uklamagyň saglyga ýetirýän täsirini anyklamak üçin uky barlagçylaryndan we neýrobiologlardan ybarat bolan 26 sany hünärmen bilen pikir soraşma geçirdi.

Pikir soralyşygynyň dowamynda hünärmenleriň biri ukynyň iň kadaly mukdarynyň dowamly ýedi sagatdygyny, şondan artyk ukynyň zyýanlydygyny aýtdy.
Harward uniwersitetiniň hünärmeni ukynyň dowamlylygyny ýokarlandyrmagyň bedene oňyn täsir edýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, köp uky gan basyşyny ýokarlandyrýar, agyrylary peseldýär we insuline duýgurlygy ýokarlandyrýar.
Beýleki hünärmenleriň käbiri uzak uky bilen saglygyň ýaramazlaşmagynyň arabaglanyşygyna tersine garamalydygyny bellediler. Sebäbi adam saglyk meseleleri sebäpli hem uzak wagtlap uklap bilýär. Gündogar Wirjiniýa Lukmançylyk mekdebiniň hünärmeni bolsa sagdyn adamyň artykmaç uklap bilmejekdigini aýtdy.
Netijede, materialyň awtorlary aşa köp ukynyň saglyga ýaramaz täsir etmek ähtimallygy ýok diýen netijä geldiler. Başga bir tarapdan, beden adatdakysyndan has köp uky talap edýän bolsa (ulular üçin 7-8 sagatdan köp), lukmana ýüz tutmak dogry bolar diýip, çeşme belleýär.

düýn 18:39
1.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....