Smartfonlar kagyzdan bolup bilermi?

  • 01.06.2021 16:01
  • 9.2k+

Galyndylary gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalaryň ösmegi bilen, «ekologiki elektronika» degişli taslamalar hem köpelýär. Geljegi uly şeýle tehnologiýalaryň biri ABŞ-nyň Dýuk uniwersitetinde işlenip taýýarlanylýar. Onda kömür syýasyny ulanmak arkaly 3D printerde kagyza hat çykarmak mümkinçiligi bolan funksional tranzistor hödürlenildi. Bilermenleriň aýtmagyna görä, şu hili usul bilen häzirki zaman elektron gurluşlarynyň tas ählisinde ulanylýan kremniý çiplerini çalşyrmak bolar. Bu barada Euronews habar berýär.

Kremniý tranzistorlarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň oýlanyp tapylmagynyň esasy sebäbi galyndylaryň möçberini azaltmak bilen baglydyr. Çünki smartfonlaryň diňe birinde millionlarça tranzistorlaryň barlygy, tehnologiýalaryň ösmegi bilen bolsa olaryň gurluşlarynyň ýygy-ýygydan täzelenip durulýandygy nazara alnanda, jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň ekologiýa uly zyýan ýetirjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Şunlukda, çipleriň 3D printerlerde çykarylmagy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek boýunça täze gözýetimleri açar. 

şu gün 12:35
1.1k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 12:23
3.1k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

şu gün 08:32
2.2k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.8k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......