Airbus önümçiligi güýçlendirýär

  • 29.05.2021 22:16
  • 9k+

Airbus kompaniýasy meşhur dar göwrümli ýolagçy uçarlarynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryny görkezmek bilen, awiasiýa pudagynyň pandemiýadan soň dikeldilmegine uly ynam bildirdi. Bu barada euronews.com habar berýär.

Ýewropanyň aerokosmiki topary dördünji çärýekde A320 maşgalasyna degişli laýnerleriň önümçiligini aýda 45-e çenli artdyrmak boýunça meýilnamalaryny tassyklady. Kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori üpjün edijilere bazar şertleri talap eden ýagdaýynda, zerur islegleri kanagatlandyrar ýaly önümçiligiň ýokarlanmagyna taýýar bolmagy maslahat berdi.
Awiasiýada uzak möhletleýin dikeldiş meýilnamalary sebitlerdäki wirus ýaýrawyna garamazdan, sanjym kampaniýalarynyň global ýaýradylmagy bilen gowulaşdy. Pudak üçin iň uly meseleleriň biri garaşylýan islegi kanagatlandyrmak üçin uzyn we çylşyrymly üpjünçilik zynjyrynyň önümçiligiň güýçlendirilmegine taýýarlygyny üpjün etmekdir.
2024-nji ýylyň birinji çärýegine çenli kompaniýa her aý 70 sany A320 uçaryny, 2025-nji ýyla çenli bolsa 75 uçary çykarmagy meýilleşdirýär diýlip, Airbus-yň metbugat relizinde aýdylýar. A220 uçarlarynyň önümçiliginiň 2022-nji ýylyň başynda aýda 6 birlige we 2025-nji ýyla çenli aýda 14 birlige çenli ýetmegine garaşylýar.


17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...

23.04.2025 23:34
8.4k+

Airbus wodorod uçaryny çykarmagyň möhletini gijikdirýär. Onuň bahasy kompaniýa 1,7 milliard ýewro düşdi

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän nol zyňyndyly ýolagçy uçaryny çykarmak meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär. Taslama 2020-nji ýylda hödürlenipdi...