«Awazada» göwnejaý we howpsuz dynç alşy üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 29.05.2021 13:12
  • 13k+
«Awazada» göwnejaý we howpsuz dynç alşy üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly, tomus döwründe Hazaryň kenarynda raýatlarymyzyň göwnejaý we howpsuz dynç almagyny üpjün etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy N.Amannepesow hem-de bu merkeziň ýolbaşçysynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazow gatnaşdylar.

Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan, adam saglygyna howp salýan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

  • Dolandyryş merkeziniň işini netijeli guramak boýunça zerur çäreler görüldi. Tomsuna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýänleriň syýahatçylyk ýa-da beýleki degişli ýerli düzümlerde ýollamanama alýandygy habar berildi. Şu wagta çenli 2257 sany ýollamanama resmileşdirildi. Şol ýollamanamalary alan raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan degişli rugsatnamalar berildi. Olara welaýatlardaky we paýtagtymyzdaky saglyk öýlerinde COVID-19-a garşy sanjym hem edildi.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen “Tiz kömek” nokady döredildi.
  • Zolakda ýerleşýän ähli myhmanhanalarda dermanhanalar döredildi we olar zerur derman serişdeleri bilen üpjün edildi, şeýle-de bu ýerde ýerleşýän ilata hyzmat edilýän desgalara işe kabul ediljek işgärler lukmançylyk gözegçiliginden geçirildi we olara sanjym edildi.
  • Syýahatçylyk zolagynyň çäginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi degişli tertipde ýola goýuldy. Dynç almaga gelýän raýatlar üçin myhmanhanalaryň awtoulaglarynyň hyzmatlary göz öňünde tutuldy.
  • «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky awtoduralgada COVID-19 ýokanjyny ekspres usuly bilen anyklamak ýola goýuldy. “Awaza” etrap saglyk merkezinde hem-de Türkmenbaşy şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynda Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) enjamy gurnaldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle enjamlaryň 3-si doly güýjünde ulanylýar.

Şeýle hem syýahatçylyk zolagynda zyýansyzlandyryş işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Dolandyryş merkezi tarapyndan öňde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Deňiz şypahanasynyň desgalarynda işleri ýola goýmagyň çäklerinde, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kabul edilen çözgütleri berjaý etmek arkaly, öňüni alyş çäreleri amala aşyrylýar.


10.05.2024 13:28
4.6k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...

20.10.2023 10:33
12k+

Ýaponiýada COVID-19-dan goranmak üçin bäş sekunt düzgüni oýlanyp tapyldy

Sukuba uniwersitetinden we Halkara Ýuwaş umman uniwersitetinden ýaponiýaly hünärmenleriň topary gözleg geçirip, howa-damja ýoly arkaly geçýän dürli keseller bilen kesellemegiň iň ýokary derejesiniň keseliň çeşmesi...

27.08.2023 12:54
18k+

BMGÖM Türkmenistana barlaghana reaktiwleriniň nobatdaky tapgyryny getirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş” maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky lukmançylyk serişdelerini ugratdy. Bu...