Amazon meşhur Metro Goldwyn Mayer kinostudiýasyny satyn alýar

  • 28.05.2021 16:55
  • 6.5k+

Amazon internet ägirdi Holliwudyň iň meşhur kinostudiýalarynyň biri bolan Metro Goldwyn Mayer-i satyn alýar. Şertnamanyň bahasy 8,45 mlrd dollara barabar diýlip, Amazon-yň resmi saýtynda habar berilýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Netijede, kinostudiýa telekeçi Jeff Bezosyň kompaniýasynyň düzümine girer. Amazon MGM konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirmeýär we ol filmleriň önümçiligine goldaw berer. Bu kompaniýanyň telewizion gepleşiklerini döretmek ugrundaky tagallalarynyň üstüni ýetirer.
Mundan başga-da, Amazon-yň MGM tarapyndan döredilen filmleri we teleşoulary Prime Video platformasynda ýerleşdirmäge hukugy bolar.
MGM – 1924-nji ýylda döredilen iň gadymy amerikan kino kompaniýalarynyň biri. Onuň surata düşüren filmleriniň arasynda Jeýms Bond baradaky seriýa, “Rokki”, «Guzularyň dymyşlygy» bar. Umumy alanyňda, onuň 4 müňden gowrak filme hukugy bar. Kompaniýa seriallary hem surata düşürýär. Bu studiýa birnäçe gezek elden-ele geçdi. Onuň iň belli eýeleriniň biri 1969-njy ýylda gözegçiligi ýola goýan amerikan işewüri Kirk Kirkorýan boldy. Soň ol ony birnäçe gezek satdy we satyn aldy.
2010-njy ýylda MGM bankrot işini başdan geçirdi: ol eýýäm köp wagt bäri maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär, kompaniýanyň bergileri 2 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Amazon üçin MGM-iň satyn alynmagy 2017-nji ýylda 13,7 mlrd dollara Whole Foods satyn alnandan soň, ululygy boýunça ikinji orunda durýar.


02.02.2026 10:53
2.6k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
907

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...

23.11.2025 20:28
2.5k+

Bezos täze «Project Prometheus» startapyny esaslandyrdy we 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady

Milliarder Jeff Bezos emeli aň ulgamynda «Project Prometheus» atly başlangyjyny işe girizdi. The New York Times gazetiniň habaryna görä, kompaniýa eýýäm 6,2 milliard dollar maýa goýumyny toplady we bu ony irki tapgyrdaky maliýeleşdirme boýunça dünýäde öňdebaryjy başlangyçlaryň birine öwürdi...