Suratkeş Salwador Daliniň kartinalary adam beýnisiniň işini öwrenmäge kömek etdi

  • 27.05.2021 13:18
  • 10k+

Ýakynda Glazgo uniwersitetiniň ylmy işgärleri adam beýnisiniň işini öwrenmäge gönükdirilen täze ylmy barlagy geçirdiler. Bu iş üçin hünärmenler özboluşly suratkeş Salwador Daliniň kartinalaryny peýdalandylar diýip, tdnu.ru belleýär.

Hünärmenler Daliniň hiç haçan kellesine gelen zady çekmändigini, ýagny onuň ähli işleriniň düýpli oýlanylandygyny we olaryň adam beýnisiniň maglumatlary nähili işleýändigine gowy düşünmäge kömek edýändigini anykladylar. Salwador Daliniň işlerinde her bir adama täze bir zady, özüne mahsus zady görmäge mümkinçilik berýän obrazlar we predmetler örän täsin görnüşde baglanyşýarlar. Hünärmenler hatda adamlarda birmeňzeş assosiasiýa dörän ýagdaýynda-da, bu suratkeşiň kartinalarynyň barybir dürlüçe kabul edilýändigini anykladylar.

Geçirilen tejribäniň dowamynda meýletinçiler “Wolteriň ýitip barýan heýkeli bilen gul bazary” kartinasyna seretdiler. Suratda illýuziýa gizlenýär: şol bir wagtyň özünde XVIII asyryň fransuz filosofynyň heýkeline meňzeýän iki monahyň şekili. Gyzykly ýeri, bu ýerde ähli adamlaryň hem ol, hem beýleki obrazy görüp bilmegidir. Ýöne kimdir biri ilki bilen monahlary görýär we diňe şondan soň olaryň heýkeliň şekiline girizilendigine düşünýär. Beýleki adamlar tersine, olar ilki Wolteriň heýkeline üns berýärler, soň onuň içindäki iki monahyň şekilini görýärler.

Tejribäniň netijesinde, beýniniň sag ýarym şarynyň hemişe suratyň çep bölegine, çep ýarym şaryň bolsa hemişe sag bölege baha berýändigi anyklandy. Ýöne hünärmenler munuň näme üçin şeýle bolýandygyny heniz düşündirip bilenoklar.

şu gün 09:34
937

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

düýn 21:00
2.2k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

düýn 19:23
6.6k+

Ahyrsoňy Saturnyň syry açyldy

Alymlar gözegçilikleriň dowamynda Saturnyň aýlanma tizliginiň üýtgäp durýandygyny hasaba alypdy. Aslynda bu ýagdaý fizikanyň kanunlaryna ters gelýär. Şonuň üçin alymlar onuň sebäbine düşünmäge çalyşdy we bu......

düýn 11:08
3.7k+

Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýrançylyga uçrady

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemrasy adatdan daşary ýagdaýdan soň orbitada weýran boldy we kosmos galyndysyna öwrüldi. Bu soňky üç aýyň dowamynda şeýle wakanyň ikinjisidir....