Ronaldu köpçülige ýüzlenmesini neşir etdi

  • 26.05.2021 15:51
  • 28k+

«Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň Instagram sahypasynda abunaçylaryna ýüzlenmesini ýerleşdirdi.

“Islendik ýokary derejeli oýunçynyň durmuşy we karýerasy ýeňişlerden we ýeňlişlerden ybarat. Ýyl geçdigisaýyn biz ajaýyp oýunçylary we ägirt uly maksatlary bolan toparlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, şonuň üçin ýokary derejede galar ýaly hemişe elimizden gelenini etmeli.
Biz şu ýyl A seriýada ýeňiş gazanyp bilmedik. “Interi” mynasyp bolan tituly bilen gutlaýarys. Şeýle-de bolsa, men şu möwsümde “Ýuwentusda” hem kollektiw bolup, hem aýratynlykda gazanan zatlarymyzyň gymmatyny bilmeli. Italiýanyň Super kubogy, Italiýanyň kubogy we A seriýasynyň iň gowy bombardiri baýragy, esasanam, bu ýurtda ýeňiş gazanmagyň aňsat däldigi üçin meni begendirýär.
Bu üstünlikleriň kömegi bilen men Italiýa gelen ilkinji günümden öz öňümde goýan maksadyma ýetdim: çempionatda ýeňiş gazanmak, Kubogy we Super kubogy utmak, şeýle-de örän gowy oýunçylary, beýik klublary we futbol medeniýeti bolan bu beýik futbol ýurdunyň iň gowy oýunçysy we iň gowy bombardiri bolmak.
Men rekordlaryň yzyndan “kowalaşmaýandygymy”, rekordlaryň meniň yzymdan “kowalaýandygyny” eýýäm aýdypdym. Meniň näme diýjek bolýanyma düşünmeýänler üçin bu ýönekeý: futbol – toparlaýyn oýun, ýöne hut şahsy üstünlikleriň kömegi bilen biz toparymyza maksatlaryna ýetmäge kömek edýäris. Ahyrky netijede rekordlaryň we topar baýraklarynyň gutulgysyz bolmagy, üstesine-de, biriniň beýlekisiniň tebigy netijesi bolmagy üçin elmydama meýdançada köp işlemek bilen köp zat isleýärsiň.
Şonuň üçin men soňky günlerde üsti ýetirilen üstünliklerime buýsanýaryn: Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň çempiony; Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň kuboklarynyň eýesi; Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň Super kuboklarynyň eýesi; Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň iň gowy oýunçysy; Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň iň gowy bombardiri; Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň klublary üçin 100-den gowrak gol. Hiç bir zat çykyş eden ýurtlarymda yz galdyrandygymy we çykyş eden klublarymyň muşdaklaryna şatlyk berendigimi bilmek duýgusy bilen deňleşip bilmez. Bu hut şonuň üçin işleýän, meni tolgundyrýan we ahyrky günüme çenli hemişe ymtyljak zadymdyr. Bu syýahata gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin! Biz bile!” – diýip, championat.com Ronaldunyň sözlerini getirýär.

28.03.2026 15:42
10k+

Kriştianu Ronaldularyň kiçisi «Real Madridiň» ýaşlar toparynda türgenleşik geçýär

Meşhur portugal futbolçysynyň ogly – kiçi Kriştianu Ronaldu Madridiň «Real» klubynyň akademiýasy bilen tälim beriş işlerini geçirdi we geljekde onuň klubyň hataryna geçmegi mümkin. Bu barada The Athletic......

şu gün 14:50
1.3k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

şu gün 11:43
1k+

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. ...

şu gün 10:04
2.7k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....