«Netflix» wideo oýunlary üçin öz platformasyny çykarar

  • 25.05.2021 11:05
  • 2.6k+

Dünýäniň iň uly striming hyzmatlarynyň biri hasaplanylýan «Netflix» öz oýun bölümini açmagy maksat edinýär. Munuň üçin kompaniýa bölüme ýolbaşçylyk etmäge tanymal oýun dizaýnerlerini-de çagyrdy diýip, ferra.ru habar berdi.

"The Information-yň" maglumatlaryna görä, IT ägirdi bu babatda edil onlaýn filmlere we teleýaýlym görkezişlerine tomaşa etmekdäki ýaly üstünlik gazanmak isleýär. Insaýderleriň sözünden çen tutsaň welin, «Apple Arcade» onlaýn-hyzmaty «Netflix» üçin iň ýakyn nusga bolup durýar.
Beýle karara gelinmeginiň esasy sebäbiniň kino bazarynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy habar berilýär. Ýeri gelende, oýun pudagynyň kompaniýa üçin ýat däldigini bellemek gerek. Ýatlap geçsek, «Netflix» mundan birnäçe ýyl ozal hyzmatyň meşhur teleseriallarynyň birine esaslanýan horror oýun bolan «Stranger Things 3: The Game-i» çykarmak bilen meşgullanypdy diýip, çeşme belleýär.


04.03.2026 14:13
1.2k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.7k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.8k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...

25.02.2026 18:36
2.1k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär...