Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalary

  • 24.05.2021 22:04
  • 29k+

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny uludan baýram edýär. Şanly sene mynasybetli TmCars.info ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinlikleri barada gürrüň berýär.

  • 2008-nji ýylyň iýunynda Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýän desgalaryň ilkinjileriniň biri Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütünidir. Onda ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabar bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar. 

  • Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edilmegini 2010-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan toplum utgaşdyrylan, yşyklandyrylan hem-de doly programmalaşdyrylan, 14,8 gektar meýdany eýeleýän suw çüwdürimleriniň 27-sinden ybaratdyr. Ilki bilen, onuň göwrümi hem-de şekillendirilişiniň täsindigi haýran galdyrýar. Toplumyň ähli çüwdürimleriniň çanaklarynyň sygymlylygy 16 müň kub metr suwa barabardyr, bürünçden ýasalan heýkelleriň agramy bolsa 30 tonnadan gowrakdyr.

  • 2011-nji ýylyň oktýabrynda bu desgadaky ýyldyzyň şekili Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi we ol degişli halkara güwänama bilen tassyklanyldy. Teleradioýaýlymlar merkeziniň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda, onuň umumy beýikligi 211 metre barabardyr. 2012-nji ýylda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň hem-de “Bagt köşgüniň” «International Property Awards Europe» bäsleşiginiň “Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi” ugry boýunça ýokary baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Bu iki täsin desga dünýäniň dürli döwletlerinden hödürlenen taslamalaryň 1000-siniň arasynda halkara baýraklara mynasyp boldy.

  • Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hem bar. Täze toplum paýtagtymyzyň keşbine özboluşly alamatlary bilen goşulyşyp, Aşgabadyň günortasyndaky binagärlik görnüşiniň üstüni ýetirdi. Gümmezi bilen bilelikde umumy boýy 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany ýatladýar, şunda synlamak üçin niýetlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän syn ediş çarhy ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda synlamak üçin niýetlenen bu çarh dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar.

  • 2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

  • Dünýä rekordlarynyň täsin sanawynyň üsti 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen ýetirildi. Bu desga binagärlik aýratynlygy — esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi.

  • Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň çäginden uzakda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalary 2017-nji ýylyň awgust aýynda Bütindünýä neşirine girizilen nobatdaky desgalar boldy. Gowşurylan güwänama laýyklykda, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň çeper keşbi dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi.

düýn 20:12
4.2k+

«Lufthansa» ýangyç tygşytlamak üçin 20 müň uçuşy ýatyrýar

Ýewropanyň iň iri awiakompaniýasy bolan «Lufthansa» ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen, iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli, takmynan 20 müň uçuşyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu barada Deutsche Welle......

düýn 17:36
3.5k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......

düýn 17:34
3.2k+

Amyderýadan Aşgabada: ýaş tebigatçylar üçin ekologiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin okuw maslahaty......

düýn 17:23
4.8k+

Si Szinpin, Tramp we MrBeast: Time 2026-njy ýylyň täsiri güýçli 100 şahsyýetiniň reýtingini düzdi

TIME žurnaly 2026-njy ýyl üçin dünýäde täsiri güýçli 100 şahsyýetiň her ýylky sanawyny hödürledi. Reýtinge syýasatçylar, medeniýet işgärleri, türgenler, telekeçiler hem-de ylym we tehnologiýa wekilleri girdi....