Çagalaryň «Ýewrowideniýesi» Parižde geçiriler

  • 22.05.2021 20:52
  • 4k+

Bäsleşigiň guramaçylarynyň penşenbe güni beren habaryna görä, şu ýyl çagalaryň "Ýewrowideniýesi" Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriler. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

"Çagalaryň "Ýewrowideniýesi" Parižde geçiriler! Onuň resmi şygary "Göz öňüne bir getir!" bolar" - diýip, guramaçylar "Twitterde" habar berdiler.

Ýeri gelende bellesek, resmi şygar ýaryşda geçen ýyl ýeňiji bolan fransiýaly gyzjagaz Walentina Troneliň "J'imagine" aýdymynyň ady bilen gabat gelýär.
Ýaryş 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli onlaýn ýagdaýda geçirilipdi. Şonda çagalary we olaryň topar agzalaryny koronawirusdan goramak maksady bilen gatnaşýan, ähli çykyşlar her bir gatnaşyjy ýurtdaky studiýada ýerine ýetirilipdi. “Ýewrowideniýäniň” warşawaly alyp baryjylary bolsa sosial aralygy saklamak bilen, ýaryşy biri-birinden uzakda durup alyp barypdylar.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....