Aşgabadyň doganlaşan şäherleri kimler?

  • 20.05.2021 20:51
  • 37k+

Geň galýaňyzmy?! Hawa, şäherleriň, şol sanda, biziň paýtagtymyzyňam doganlary bar. Şäherleriň doganlaşmagy biraz düşnüksizräk bolsa gerek?!

Doganlaşan şäherler – bu birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar.
Taryha maglumatlara salgylansak, ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde: «Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy» diýip ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda uly ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri goşulýarlar.
1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy döredilip, ol Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde ýerleşýär. 1962-nji ýylda guramanyň teklibi bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi bellemek kararyna gelinýär.
Mermer şäherimiz Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeklerinde doganlary – doganlaşan şäherleri bar. 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri Aşgabadyň doganlyk şäheri bolýar. 1990-njy ýylda bolsa şeýle gatnaşyklar ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen ýola goýulýar.
Paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň arasynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri esasy orunda dur. Bu şäher bilen Aşgabat 2017-nji ýylda «doganlaşdy». Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheripaýtagtymyzyň doganlaşan şäherleridir. Şonuň ýaly-da, dürli ýyllarda Aşgabat Türkiýäniň paýtagty Ankara, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny we Ukraina Respublikasynyň baş şäheri Kiýew bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.
Garaşsyz Diýarymyzyň paýtagtynyň doganlaşan şäherleriniň sanawy ýyl geldikçe artýar.

şu gün 10:10
6

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

şu gün 09:29
325

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

düýn 22:06
585

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
6k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....