Türkmenistanda demir ýol gatnawlaryna çäklendirmäniň möhleti 1-nji iýula çenli uzaldyldy

  • 19.05.2021 14:15
  • 52k+

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýolagçy demir ýol gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň möhleti 1-nji iýula çenli uzaldyldy.

«Demirýollary» AGPJ-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýurduň içinde häzirki wagtda öňüni alyş çärelerini berjaý etmek şerti bilen diňe synag gatnawlary arkaly syýahat etmek bolýar.
Her hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat - Mary - Türkmenabat ugry boýunça, penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat - Mary - Aşgabat ugry boýunça synag tertipde gatnawlar hereket edýär.

Ýekşenbe günleri Aşgabat - Daşoguz, duşenbe güni Daşoguz - Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlary amala aşyrylýar.
Demir ýol peteklerini wokzallardaky kassalardan, şeýle hem «Demirýollary» AGPJ-niň resmi saýtyndan satyn alyp bolar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak maksady bilen, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanda Aşgabat - Türkmenbaşy - Aşgabat ugry boýunça ýörite demir ýol gatnawy işe giriziler.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......