Meksikanyň wekili “Miss Wselennaýa” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 18.05.2021 20:51
  • 18k+

Meksikanyň wekili Andrea Meza şu ýyl “Miss Wselennaýa” ("Älem gözeli") gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada bäsleşigiň Instagram sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

Çiuaua şäherinden 26 ýaşly ýeňiji gyza göwher täjini 2019-njy ýylyň “Miss Wselennaýasy” bolan GAR-yň wekili Zozibini Tunsi gowşurdy. Üçünji orny Perunyň wekili Ýanik Maseta, ikinji orny braziliýaly Žuliýa Gama eýeledi. Meza programmist bolup işleýär, Çiuaua ştatynda syýahatçylygy goldaýar, şeýle-de gender alamatly zorluga garşy göreş ugrunda çykyş edýär.
Dabaranyň final tapgyryna 10 gatnaşyjy çykdy, ýöne emin agzalarynyň soraglaryndan soň, dalaşgärleriň sany bäşe çenli azaldy. Netijede, ýeňiş üçin bäş ýurduň – Perunyň, Dominikan Respublikasynyň, Braziliýanyň, Hindistanyň we Meksikanyň wekilleri göreşdi. Bu ýerde olar üçin hödürlenen mowzuk boýunça çykyşyň kömegi bilen emin agzalarynyň goldawyny almaga soňky mümkinçilik boldy. Meza gözellik nusgalary we wagtyň geçmegi bilen olaryň üýtgeýşi barada aýtdy.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli, şu ýyl 2020-nji ýylyň “Miss Wselennaýasyny” saýlan 69-njy bäsleşik dabarasy binasy gitara görnüşinde gurlan Golliwud şäherindäki Seminole Hard Rock myhmanhanasynda we kazinosynda geçirildi.

düýn 18:30
1.1k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....