Gresiýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyldy

  • 17.05.2021 19:37
  • 4.9k+

Gresiýa syýahatçylary kabul etmäge taýýar. 14-nji maýdan ýurt gelýänler üçin çäklendirmeleriň köpüsini ýatyrdy. Indi sanjym alanlaryň ählisi Gresiýa baryp biler ýa-da olaryň ýanynda uçuşdan 72 sagat öň edilen koronawirus üçin barlagyň otrisatel netijesi bolmaly. Daşary ýurt raýatlary iki hepdelik karantine ýerleşdirilmez, olara ýurduň içinde hereket etmäge rugsat berilýär. Bu barada tourism.interfax.ru habar berýär.

Respublikanyň syýahatçylyk ministri Haris Teoharis syýahatçylaryň saglygyny goramak üçin ýurtda toplumlaýyn çemeleşmäniň hereket etjekdigini aýtdy. Ýagny, gürrüň giriş düzgünlerini berjaý etmek barada gidýär: uçara münenlerinde syýahatçylar otrisatel PZR-barlagyny ýa-ha sanjym şahadatnamasyny, ýa-da kowid üçin antibedenjikleriniň barlygy barada kepilnamany görkezmeli. Barlag kepilnamasy 5 ýaşdan çagalar üçin zerurdyr.
Gresiýa üstünlikli syýahatçylyk möwsümi geçen ýyl 8 göterim pese gaçan ykdysadyýeti ösdürmäge kömek eder diýip umyt edýär. 2019-njy ýylda syýahatçylyk Gresiýa 18,2 milliard ýewro girdeji getirdi, ýurda 34 mln syýahatçy bardy. 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aralygynda Gresiýa 7,4 mln adam bardy, syýahatçylykdan gelen girdeji 4,3 mlrd ýewro boldy.
20-nji maýdan soň Ispaniýa hem daşary ýurtlular üçin açylyp bilner. Bu barada ýurduň syýahatçylyk ministri habar berdi. Mundan başga-da, patyşalyk ÝB-e koronawirus keseliniň derejesi pes bolan ýurtlardan PZR barlagy we sanjym bolmazdan syýahatçylaryň girmegine rugsat bermek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....