Türkmen Lideri Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

  • 14.05.2021 13:15
  • 14k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu barada türkmen Lideri Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanyny bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi.

Türkmen Lideri şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp, milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy, dokma senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

şu gün 07:51
894

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.6k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
940

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......