Ertir Türkmenistan Oraza baýramyny bellär

  • 12.05.2021 15:57
  • 22k+

Ertir ýurdumyzda Oraza baýramy giňden belleniler. Baýramyňyz gutly, Orazalaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Bu gün ýaşaýşa juwanlyk, umytlara terlik çaýýan Remezan aýynyň soňky güni. “Mübärek Remezan aýy - on bir aýyň soltany”,  “Günüň ýagşysy – juma, aýyň ýagşysy – oraza”, “Remezan diýerler aýyň ýagşysyn”... Bu arzyly myhmanyň şanyna aýdylýan şeýle datly jümleleriň dowamy tükeniksiz. Çünki bu aýyň berekedi, sogaby, ynsanlara paýlaýan şadyýanlygy, terbiýesi beýleki aýlaryňkydan göz-görtele tapawutlanýar. Bu aý ýylyň haýsy paslynda gelse-de: gyş ýa tomus bolsun, güýz ýa bahar bolsun, elmydama arzyly. Aýazly günlerem, jöwzaly pursatlaram gadyry beýik myhman. Adamlaryň her bir täze güne, toý-baýram günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşyşy ýaly, Oraza hem umyt bilen garaşylýan aýlaryň biri. Halkymyz bu aýyň üýtgeşikdigine ýürekden uýýar.
Remezan – bu kämillige ymtylýan adamzat üçin uly mümkinçilikleriň aýy. Ruhy-köňül taýdan tämizleniş, süňňi-beden taýdan  päkleniş aýy. Oraza halkymyzyň däp-dessuryna ymykly ornan ruhy gymmatlyklaryň biri. Saglygy, ýagdaýy bolan her bir adamyň ýerine ýetirmegi sogap hasaplanylýan amaly, borjy. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynda hem agyz beklemegiň örän köp peýdasynyň bardygy hakda kän ýaňzydylýar.
Oraza  özüňe erk etmekligi, gündelik durmuşdaky işleriňi bir tertibe, düzgün-nyzama salmaklygy öwredýär. Bu döwürde birek-biregiň göwnüne degmekden daş durup, her kime eliňden gelen ýagşylygy gaýgyrmazlyk ündelýär. Oraza günleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ruhy päkligiň, jemgyýetçilik jebisliginiň, taýsyz sahawatyň aýy hökmünde aňymyza ornady. Hormatly Prezidentimiziň her ýylyň Gadyr gijesinde tussag we jezasyna görä ýyl kesilen raýatlarymyza sahawat nazary bilen bakmagyny, bu gadymy dessuryň häzirki zamanada alan täze öwüşgini hökmünde suratlandyryp bolar. Şunuň ýaly goşa-goşa şatlyklara beslenýän Oraza aýy ýagty ertirlere bolan ynamymyzy artdyrmaga, agzybirligimizi berkitmäge, ruhy dünýämizi gözelleşdirmäge, daş-töweregimizi gurşap alan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, umuman, älemiň gowulyklaryna, gözelliklerine guwanyp, şatlanmaga we özgelere-de şatlyk eçilmäge mümkinçilik berýär. Arka atylan mübärek Oraza aýy şeýle ruhy kämilligiň, özüňi taplamagyň amatly we ajaýyp möwsümi hasaplanylýar.
Ine, mübärek Oraza aýy hem ahyrlady. Ertir - Oraza baýramy. Türkmen topragyna gelen, türkmen döwletine siňen berekediň, ýola goýlan ajaýyplyklaryň has alyslara uzalyp gitmegi, asyrlara dowamat-dowam bolmagy üçin ýene bir täze sahypanyň açylýandygyny aňladýar. Bu mübärek baýram bilen ähli türkmen ilimizi, tüýs ýürekden gutlaýarys. Orazalaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz kabul bolsun! Goý, bu mübärek aýda ýerine ýetirilen tagat-ybadatlar, gazanylan sogaplar, edilen ýagşy dileg-dogalar her bir türkmeniň we türkmenistanlylaryň ojagyna döwlet bolup siňsin!

şu gün 20:02
117

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

şu gün 19:11
599

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

şu gün 17:08
2.7k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

şu gün 14:59
3.1k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......