Saud Arabystany Haj parzyny berjaý etmegiň şertlerini mälim etdi

  • 12.05.2021 13:16
  • 25k+

Saud Arabystanynyň Haj we Umra işleri boýunça ministrliginiň beýan etmegine görä, pandemiýa sebäpli şu ýylky haj parzy saglyk we howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda berjaý ediler. Bu barada RBC ýazýar.

Beýanatda Mekge zyýaratynyň şu ýyl zyýaratçylaryň saglygyny we abadançylygyny goramak üçin ähli saglyk, howpsuzlyk we kadalaşdyryjy kadalar hem-de düzgünler bilen geçiriljekdigi aýdylýar. Ministrlik anyk çäreleriň we guramaçylyk meýilnamalarynyň soň yglan ediljekdigini aýtdy.
Bu ýyl Haj parzy 17-nji iýuldan 22-nji iýul aralygynda geçirilip, ýylyň galan böleginde umra amala aşyrylar.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylda Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylar üçin haj parzyny ýatyrdy. Diňe patyşalygyň çäginde bolanlara parzy berjaý etmäge gatnaşmaga rugsat berildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň sany müň adam bilen çäklendi.

şu gün 01:36
409

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
1.5k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
322

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

düýn 14:24
3.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......