Hytaýyň ilaty 2020-nji ýylda 0,83% köpeldi

  • 12.05.2021 12:28
  • 13k+

2020-nji ýylda Hytaýyň ilaty ýyllyk hasabynda 0,83% artyp, 1,41178 mlrd boldy. Bu barada HHR-iň Döwlet statistika edarasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Hytaýyň ilaty 1,41178 mlrd adam bolup, bu 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 72,06 mln (5,38%) köpdür” – diýlip, hasabatda aýdylýar. 2019-njy ýylda ýurduň ilaty 1,40005 mlrd adamdy.

Neşir edilen statistika laýyklykda, ýurtda, takmynan, 723,34 mln erkek we 688,44 mln aýal ýaşaýar. Ilatyň 63,35%-i 15 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky adamlar, 18,7%-i 60 ýaşdan uly adamlardyr. 14 ýaşa çenli ýaş kategoriýasyndaky raýatlaryň paýy 17,95%-e deň.
Resminamadan görnüşi ýaly, Hytaýda şäher ilatynyň paýy 63,89% derejesinde bolup, bu 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 14,21% köpdür.
Hasabatda HHR-iň ilatynyň takmynan, 40%-niň ýurduň gündogar böleginde, dörtden bir böleginiň merkezi sebitde we diňe 7%-niň Russiýa bilen serhetleşýän Demirgazyk-Gündogar Hytaýda ýaşaýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, demirgazyk-gündogar welaýatlarynyň ilaty 1,2 göterim azaldy.
Statistika görä, ýurduň 91,11% ýaşaýjysy – han halkynyň wekili (hytaýlylar), galan 8,89%-i milli azlyklara degişli. 10 ýylyň dowamynda bu iki kategoriýa, degişlilikde, 4,93% we 10,26% ýokarlandy.
HHR-iň Döwlet statistika edarasy Hytaýyň 16 ýaşdan 59 ýaş aralygyndaky zähmete ukyply ilatynyň sanynyň soňky 10 ýylda 40 milliondan gowrak adam azalandygyny we 880 mln töweregi bolandygyny habar berdi.

şu gün 19:11
13

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

şu gün 19:04
131

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....