Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sian şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrýar

  • 10.05.2021 13:09
  • 16k+

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Merkezi Aziýa — Hytaý» döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 — 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi.

düýn 23:05
850

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.3k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
811

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......