Türkmenistana koronawirusa garşy "CoronaVac" hytaý sanjymy getirildi

  • 10.05.2021 00:50
  • 22k+

Hytaýyň “Sinovac” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “COVID-19-a” garşy "CoronaVac" sanjymynyň uly tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy. Dünýäniň birnäçe ýurdunda geçirilen kliniki synaglaryň netijesinde bu sanjym özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzlygyny subut etdi.

Hytaýda öndürilen we ýurdumyza gowşurylan sanjymlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem zerur şertler döredilen Aşgabat we welaýat Arassaçylyk we epidemiologiki gulluklarynda saklanýar.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ilatyň immun ýagdaýyny durnuklaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyz eýýäm "Sputnik V" we "EpiWakCorona" rus sanjymlaryny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan "BIOwak" sanjymlaryny aldy.

Ýurdumyza getirilen sanjymlaryň hemmesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň maslahatlaryna laýyklykda, "sowuk zynjyr" usulynda sanjym ammarlarynda saklanýar.

COVID-19-a garşy ýeterlik mukdarda sanjymlaryň alynmagy bilen baglanyşykly, ýokuşma howpy ýokary bolan toparlara sanjymlar başlandy.

22.08.2025 15:19
4.8k+

Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi

Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr...

22.08.2025 08:21
4.4k+

Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar

Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär...

18.08.2025 10:02
2.1k+

ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň hiline we derman serişdelerine gözegilik müdirligi (FDA) Insmed kompaniýasynyň mukowissidozsyz bronhoektazlary bejermek üçin niýetlenen Brinsupri dermanyny tassyklady. Bu dowamly öýken keseli dem alyş ýollarynyň öwezini dolup bolmajak zeperlenmesi, dowamly üsgülewük we nemiň  artykmaç bölünip çykmagy bilen utgaşýar diýip, Reuters ýazýar...

18.08.2025 08:54
6.8k+

Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherine baryp gördi...