BEÝIK ÝEŇŞE ÝETIREN MENZILLER

  • 09.05.2021 10:57
  • 14k+

Ondan bäri bir är ömri geçdi. Şol döwrüň ýaňy dünýä inen bäbekleri bu gün gojalygyň kenarynda, bir uly maşgalanyň töründe öýi ýa-da obany dolduryp oturan ýaşuly ene-atalar. Ol döwrüň aňy berkän ýaşlary, ýigit çykan gerçekleri bolsa ähli döwürleriň sarpalan, arzylaýan, sylaýan ynsanlary. Çünki olaryň gerdenine ykbalyň agramly labry bir paý artyk düşdi. Olar diňe bir ömür, bir ykbal, bir ynsan, bir maşgala üçin däl, tutuş adamzat üçin menzil külterlediler. Dört ýylyň dowamynda dört paslyň aňzagyna, epgegine, ýagmyryna, guraklygyna,  ýagtylygyna, tümlügine garaman, göwni tämiz ynsanlaryň kimligine parh etmän, haýsy halkdygyna, milletdigine seretmän, ýagşylygyň ýeňşi üçin söweşdiler. 

Söweş bilen gurşalan sebitler, onlarça ýurtlar we halklar, dürli diller we ýat milletler... emma asylly maksatlar we ýürekler bir bolanda, duýgular bizi sessiz makullaýar. Olar adamzadyň barlygy, dowamaty üçin janlaryny gaýgyrmadylar. Ölümden çekinmediler. Söweş meýdanynda bir ädim hem yza çekilmediler. Ýan-ýana berip söweşdiler. Jan berip söweşdiler. Gyzgyn gülleler, gözüňi awadýan ajy tüsseler pederlerimiziň howalasyny basyp bilmedi, belent ruhuny egip bilmedi.  Berlinde dikilen Ýeňiş baýdagyndan soň hem ýagtylygyň we ýagşylygyň zeminde has mäkäm ornamagy üçin soňuna çenli söweşdiler. Bu Ýeňşiň gazanylanyna 76 ýyl geçdi. Gowgasy bilen dünýäleri sarsdyran, geljege ybrat we nusga bolan 1941-1945-nji ýyllaryň urşy hatyralardanam, hakydalardanam öçmez.
Süňňi, zanny watançylyk duýgusyna  ýugrulan   merdana atalarymyz söweşe gidenlerinde arkada galanlary ynjytmazlyk üçin “Biz toýa barýarys” diýer ekenler. Ýanlary bilen bir gysym topragyny, gazma dutaryny, “Görogly” şadessanyny hem goýmadyk pederlerimiz, halk sazlary bilen dogduk illerini ýatlap, “Göroglyny” okap, has gylaw, gaýrat tapar ekenler. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmenleriň görkezen edermenligi, söweş meýdanynda galdyran yzy, taryh kitabyna girizen gahrymançylygy eždat-pederlerimiziň beýikliginiň üznüksiz dowamaty bolup göründi.  Olar diňe bir Watany däl, tutuş adamzadyň geljegini goradylar.   
Atalarymyzyň yhlasy bu günki asuda durmuşymyzyň bir sebäbi. Bu günki arassa we asuda asmanymyza  göz aýlap, bol-telki durmuşyňa şükür edýärsiň.   Atalardan nesillere geçýän watançylyk pentleri ömür dessanlaryna öwrülip, milletiň mizemezligine, nesilleriň ownamazlygyna öz goşandyny goşýarlar. Onsoň neneň bu döwrüň bagtyýar nesilleri, pederlerimiziň merdanalyk ýoluny ýatladýan: “Aşgabatdan geýip giden ädigim, Ýyrtylmady, barha galňady, gasdy...” diýen sözler bilen başlanýan ajaýyp goşgy setirlerine, aýdymlaryna hiňlenmesinler?! 
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlyk görkezen, Ýeňiş diýip ýola çykan atalarymyza we olaryň ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag  örän beýik. Olaryň ýaşaýyş durmuşy, hal-ýagdaýy hiç wagt üns merkezinden düşürilenok. 
Gowgaly urşuň gutaranyna 76 ýyl geçdi. Ortaça bir är ömri arada ýatyr. Emma şol döwrüň adamzada beren sapagy hiç wagt unudylmaz. Şol döwürde görkezilen edermenlikler bu günüň nesillerine Watançylyk we terbiýeçilik mekdebidir.   

TmCarsyň adyndan ähli weteranlary, beýik ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşan tyl gahrymanlaryny Ýeňiş baýramy bilen gutlaýarys!

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......