“Ýewrowideniýe” tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçiriler

  • 03.05.2021 00:07
  • 6.5k+

Şu ýyl Niderlandlarda geçiriljek “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň guramaçylary çärä iň köpi 3,5 müň tomaşaçynyň goýberiljekdigini tassykladylar. Bu barada TASS habar berýär.
“Rotterdamdaky “Ahoy” konsert zalyna iň köpi 3,5 müň tomaşaçy goýberiler, bu onuň sygymynyň 20%-ni tutýar. Petekler diňe 2020-nji ýylda bäsleşige tomaşa etmek üçin petek satyn alanlara elýeterli bolar. Satuw giň köpçülik üçin bolmaz” – diýlip, guramaçylaryň saýtynda neşir edilen beýannamada aýdylýar. 
Ýagny, köpçülik finala, iki ýarym finala we alty taýýarlyga goýberiler. Tomaşaçylar çäre başlamazyndan 24 sagat öň alnan koronawirus üçin barlagyň otrisatel netijesini bermeli bolar. Guramaçylar ýygnananlaryň ählisinden soňky bäş günüň içinde gaýtadan barlagdan geçmegi haýyş edýärler. Örtük dakynmak bäsleşige barmak üçin hökmany bolup durýar.
65-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 2020-nji ýylyň 12-16-njy maýynda Rotterdamda “Open up” şygary bilen geçmelidi, ýöne ol koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. Indi “Ýewrowideniýe” 18-22-nji maýda Rotterdamda şol bir şygar astynda geçiriler. 

 

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....