Apple-iň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde girdejisi $89 milliarddan geçdi

  • 02.05.2021 15:29
  • 4.7k+

Apple kompaniýasynyň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça girdejisi 54%, ýagny 89,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Girdeji we düşewünt boýunça möwsümleýin rekord ähli geografiki sebitlerde täzelendi, önüm kategoriýalarynyň arasynda iPhone we dakylýan gurluşlar tapawutlandy, Mac bilen hyzmatlar hem girdeji boýunça taryhy rekordy täzelediler. Muny kompaniýanyň maliýe hasabaty delillendirýär. Hasabat döwri üçin arassa girdeji 23,6 mlrd dollar boldy. Bu barada kommersant.ru habar berýär. 
Kompaniýanyň iPhone-yň satuwyndan alnan girdejisi 66%, ýagny 47,9 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Mac kompýuterlerini satmakdan alnan girdeji bolsa tas 70% ýokarlanyp, 9,1 mlrd dollara, iPad planşetleriniň satuwyndan alnan girdeji 79% ýokarlanyp, 7,8 mlrd dollara ýetdi. Dakylýan gurluşlaryň we aksessuarlaryň satuwyndan alnan girdeji 25%, ýagny 7,84 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň üç aýyň içinde hyzmat girdejisi (App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud-dan) 27% ýokarlanyp, 16,9 mlrd dollara ýetdi.
Geçen çärýekde kompaniýanyň operasion girdejisi 27,5 mlrd dollar boldy. Umuman, kompaniýa üçin girdeji normasy 42,5%-e çenli ýokarlandy, önüm segmentinde ol 36,1%-e, hyzmatlar pudagynda 70,1%-e barabar boldy. Bu görkezijileriň köpüsi birinji çärýek üçin rekord dereje boldy.

düýn 19:06
971

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.2k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......