Ispaniýa iýun aýyndan syýahatçylar üçin açylýar

  • 02.05.2021 15:41
  • 6.4k+

Ispaniýa daşary ýurtly syýahatçylary iýun aýyndan başlap kabul etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. “Maý aýynda Ispaniýanyň 46 howa menzilinde sanly saglyk şahadatnamasyny ulanmak boýunça synag geçiriler” – diýip, Ispaniýanyň syýahatçylyk ministri Fernando Waldes Werelst Meksikada geçirilen Bütindünýä syýahatçylyk we turizm geňeşiniň global sammitinde aýtdy. TUI bolsa eýýäm Ispaniýa uçuş programmasyny işe girizdi. Bu barada runews24.ru habar berýär.

“Sanjym edilen syýahatçylar, şeýle-de koronawirusa garşy antibedenjikleri bolanlar we PZR-barlagynyň otrisatel netijesini berenler dynç alyş günlerini Ispaniýada geçirip bilerler” – diýip, ministr belledi. Şeýle meýilnamalar Portugaliýada we Horwatiýada hem maslahatlaşylýar. 

Şeýle-de bolsa, Ispaniýa syýahat etmek meselesinde garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Geçen tomus kowidiň ilkinji tolkuny yza çekilenden soň, ispan häkimiýetleri Ýewropa bileleşiginiň syýahatçylaryna dynç alyş merkezlerine barmaga rugsat berdiler. Bu karar serhetleri uzak möhletleýin ýapmak meselesiniň ozal maslahatlaşylandygyna garamazdan kabul edildi. Daşary ýurtly syýahatçylar üçin has meşhur sebitler Kataloniýa, Kanar adalary we Andalusiýa bolup durýar. 

düýn 18:16
4.6k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....

22.04.2026 16:29
6k+

Çehiýada altyn hazyna tapan syýahatçylara uly pul sylagy berler

Çehiýada altyn teňňelerden we gymmat bahaly şaý-seplerden ybarat hazynany tapan iki syýahatçy, takmynan 11,7 million kron (563 müň dollara golaý) möçberinde pul sylagyny alar. Bu barada Radio Prague habar......

21.04.2026 07:22
6.5k+

Müsür 27 milliard dollarlyk täze şäher gurmagy meýilleşdirýär

Talaat Moustafa Group kompaniýasy Kairiň golaýynda täze The Spine ("Oňurga") şäherini gurmak üçin 27 milliard dollarlyk taslamany yglan etdi diýip, Bloomberg habar berýär. ...

16.04.2026 15:43
7.7k+

Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi

Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar....