Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirildi

  • 30.04.2021 10:43
  • 20k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda Prezidentler ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti milli Liderimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatynyň halkyň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Taraplar pandemiýa sebäpli kyn günlerde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ýokary depgininiň saklanyp galnandygyna kanagatlandyrma bildirdiler.
Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 esseden gowrak artyp, geçen ýylyň jemleri boýunça 530 million dollara deň boldy. 150-den gowrak bilelikdäki kärhanalar döredildi.
Şeýle hem söwda, maýa goýum, senagat, ulag, energetika, maşyngurluşyk, ýeňil we azyk senagaty, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi babatda Aşgabat ylalaşygynyň bilelikde ilerledilmegi, şeýle hem Hytaý-Merkezi Aziýa-Günorta Kawkaz-Türkiýe ugry boýunça multimodal geçelgeleriň netijeli ulanylmagy babatda pikir alşyldy.
Özbegistanyň Prezidenti türkmen Liderine Aşgabat şäherinde “Daşkent” seýilgähini döretmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boljakdygyny belledi.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi babatynda ýakyn wagtda Daşkentde türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek babatda ylalaşyldy.
Ikitaraplaýyn  gepleşikler tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Kümmetde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar. Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

düýn 16:01
884

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi

20-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi.  «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan...

düýn 10:44
8.5k+

Tramp import harytlaryna häzirki bar bolan gümrük paçlarynyň üstüne ýene goşmaça paç girizýändigini yglan etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda hereket edýän nyrhlara goşmaça hökmünde, ABŞ-a getirilýän ähli import harytlaryna ýene-de goşmaça 10 göterim gümrük pajynyň giriziljekdigini mälim etdi...

düýn 09:47
3.1k+

Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji gezek döwlet raýat gullugyna aýal maşgala ýolbaşçy boldy

Antoniýa Romeo Beýik Britaniýanyň döwlet raýat gullugynyň ýolbaşçysy we Ministrler Kabinetiniň sekretary wezipesine bellenildi. Hökümet sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, ol Kris Uormold wezipesinden çekilenden soňra, bu wezipäni eýelän ilkinji aýal maşgala boldy...

düýn 01:58
17k+

Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B...