30 ýaşdan soň haýsy önümlerden daşda durmaly

  • 27.04.2021 22:36
  • 24k+

Berhiz lukmany Mariýa Malyşewa 30 ýaşdan soň iýmezlik maslahat berilýän önümleriň sanawyny mälim etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

Gowrulan iýmitler bu sanawda birinji orunda durýar. "NTV"-niň ýazmagyna görä, bu ýerde gürrüň diňe bir gowrulan ýeralma (fri) hakda däl, eýsem, gowrulan et hakda-da, umuman, ýaga gowrulan zatlaryň hemmesi hakda barýar.
Şeýle hem, hünärmen ýagsyzlandyrylan süýt önümlerini ulanmagy maslahat bermeýär. Sebäbi bu önümlerde ýag köp mukdarda şeker, kanserogen süýjedijiler ýa-da glýukoza we fruktoza siroplary bilen çalşylýar.
Malyşewanyň pikiriçe, bu çäklendirmeleriň hemmesi 30 ýaşdan soň metabolizmanyň haýallamagy bilen baglanyşykly. Şol bir wagtyň özünde, bu ýaşda ýaranyň döremek howpy, ýürek meseleleri we ş.m. has-da ýokarlanýar.

26.02.2026 12:35
4.7k+

Pes yşyklandyryşda görejiň kiçelmegi köpçülikleýin şowakörlüge getirýär

​XXI asyrda şowakörlügiň köpçülikleýin ýaýramagyny şu wagta çenli köpler ekrana seredilýän wagtyň artmagy — ilki kompýuterler, soňra bolsa smartfonlar we planşetler bilen baglanyşdyrýardylar. Emma täze ylmy barlaglar bu aýdylanlara garşy çykyp, meseläni adamlaryň ýaşaýan ýapyk binalaryna mahsus bolan pes yşyklandyryş şertlerinde gözüň dowamly dartylmagy bilen baglanyşdyrýarlar...

23.02.2026 18:12
5.5k+

Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär...

22.02.2026 17:06
2.2k+

Ýaponiýada Parkinson keselini bejerýän ilkinji derman bölekleýin tassyklanyldy

Ýaponiýada Parkinson keselini bejermek üçin induksirlenen plýuripotent sütün öýjükleri (iPS-öýjükleri) esasynda işlenip düzülen derman serişdesini ulanmaga bölekleýin rugsat berildi. Bu barada Kioto uniwersitetiniň ýanyndaky iPS-öýjüklerini barlamak we ulanmak instituty habar berdi...

18.02.2026 15:44
2.7k+

Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär. Psychrobacter SC65A...