Geçen ýyl dünýäniň jemi içerki önüminde syýahatçylygyň paýy iki esse azaldy

  • 27.04.2021 14:56
  • 4.8k+

2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynyň ählumumy jemi içerki önüme goşandy 10,4% bolupdy, 2020-nji ýylda bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli, ol 5,5%-e çenli azaldy diýlip, Bütindünýä syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) «Oxford Economics» bilen bilelikde taýýarlanan hasabatynda aýdylýar. Bu barada tourism.interfax.ru habar berýär.

Hasabat pandemiýanyň 185 ýurtda we dünýäniň 25 geografiki ýa-da ykdysady sebitinde syýahatçylyga ýetiren täsirini öz içine alýar.

“2019-njy ýylda syýahatçylygyň dünýä ykdysadyýetine goşan goşandy 10,4%-e ýa-da 9,2 trln dollara barabar boldy. 2020-nji ýylda bu pudak tas 4,5 trln dollar ýitirdi, onuň dünýä JIÖ-ne goşandy 49% azaldy. Şol bir wagtyň özünde, dünýä ykdysadyýetiniň umumy haýallamagy 3,7% boldy” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

Pandemiýadan öň dünýädäki her dördünji täze iş orny we ähli iş orunlarynyň 10,6%-i (334 mln) halkara syýahatçylygynyň paýyna düşýärdi.

“2020-nji ýylda syýahatçylyk pudagynda iş orunlarynyň sany tas 62 mln ýa-da 18,5% azaldy. Häzir olaryň bu pudakdaky sany 272 mln. Alnan maglumatlara görä, 2020-nji ýylda syýahatçylaryň öz ýurtlaryna syýahat etmek üçin çykdajylary 45%, daşary ýurtlara gezelençleriň dowamyndaky çykdajylary bolsa 70%-e çenli azaldy” – diýlip, hasabatda getirilýär.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....