Kömelekler rak howpuny peseldýär

  • 27.04.2021 10:58
  • 14k+

Pensilwaniýa ştatynyň alymlary kömelekleriň rak keseliniň döremek howpuny azaldýandygyny aýtdylar. Olar ýörite ylmy barlagyň netijesinde şeýle karara geldiler diýip, pcnews.ru habar berýär.

Ylmy barlagyň netijeleri barada “Advances in Nutrition” atly neşirde hem degişli maglumatlar getirilýär. Alymlar ylmy işiň çäginde 1966-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli geçirilen, takmynan, 17 sany barlagy öwrendiler. Olaryň hersi 19,5 müňden gowrak rak keselli adamlaryň saglygy barada maglumatlary özünde jemleýär. Barlaglar kömelek iýmek bilen zyýanly çiş howpunyň arasyndaky baglanyşygy kesgitlemek maksady bilen geçirildi.

“Kömelek, özboluşly we güýçli antioksidant we öýjük goraýjy ergotioniniň esasy iýmit çeşmesidir. Bedende antioksidantlaryň ätiýaçlyk gorunyň doldurylmagy oksidleýji stresden goramaga we rak keseliniň töwekgelçiligini azaltmaga kömek edip biler"-diýip, hünärmenler bellediler.

düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.9k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......