Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

  • 27.04.2021 05:31
  • 32k+

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine kakasynyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilmegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda  türkmen-rus strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreş almak barmak babatda hem pikir alyşdylar.
Şeýle hem Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy sammitine hem-de ikinji Hazar ykdysady Foruma görülýän taýýarlyklar hem maslahatlaşyldy. Bu ýokary derejedäki sammitleri şu ýyl geçirmek göz öňünde tutulýar.

22.05.2026 15:38
2.4k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:38
2.2k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

22.05.2026 14:19
1.6k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

21.05.2026 18:14
2.6k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......