Türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

  • 26.04.2021 18:36
  • 12k+

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

Bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Saragt Babaýew «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.

  • “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri üçin;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Baýramowa “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin;
  • Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri P.Mämiýewe “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri üçin;
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory, suratçy dizaýneri B.Mämmetgurbanowa “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitabynyň bezeg işleri üçin;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat we şahadatnama gowşuryldy.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

şu gün 12:14
35

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

şu gün 09:33
3k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
1k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
3.8k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....