“Oskar-2021” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

  • 26.04.2021 14:08
  • 17k+

26-njy aprele geçilýän gijede Los-Anjelesde Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar” baýragynyň 93-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy baýragyň resmi YouTube kanalynda görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

“Çarwalaryň ýurdy” kartinasy “Iň gowy film” nominasiýasynda baýraga mynasyp boldy, şeýle-de baýraklarynyň sany boýunça lider boldy. Filmde oýnan Frensis Makdormand “Iň gowy aktrisa” nominasiýasynda ýeňiş gazandy, režissýor Hloýa Çžao iň gowy režissýorlyk işi üçin baýrak aldy.
Entoni Hopkins bolsa Florian Zelleriň “Kaka” (The Father) filmindäki keşbi üçin “Iň gowy aktýor” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy. Bu lenta iň gowy adaptirlenen ssenariýa üçin hem altyn heýkele mynasyp boldy.
“Iň gowy original ssenariýa” nominasiýasynda režissýor Emirald Fenneliň “Umyt beriji zenan” (Promising Young Woman) kartinasy sylaglandy. Dewid Finçeriň “Mank” filmi iň gowy operatorlyk işi we önümçilik dizaýny üçin “Oskar” bilen sylaglandy. 
“Ikinji plandaky iň gowy aktýor” “Iuda we gara messiýa” filminde oýnan Deniel Kaluýa boldy. Bu filmdäki “Fight for you” kompozisiýasy iň gowy original aýdym diýlip ykrar edildi.
“Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny “Minari” (Minari) filmindäki keşbi üçin günorta koreýaly Ýun Ýo Jon aldy. 
“Iň gowy animasion film” Piter Dokter bilen Kemp Paeursyň “Ruh” multfilmi boldy, ol iň gowy sazly ýerine ýetirme üçin hem altyn heýkele mynasyp boldy. Tomas Wintenbergiň “Ýene bir gezek” (Druk) lentasy iň gowy daşary ýurt çeper filmi boldy. 
Jorj Wolfuň “Ma Reýni: blýuzyň enesi” (Ma Rainey's Black Bottom) lentasy iň gowy grim we saç üçin, şeýle-de iň gowy egin-eşikler üçin baýraga mynasyp boldy. Iň gowy wizual effektler üçin baýragy Kristofer Nolanyň “Delil” filmi aldy.
“Iň gowy gysga metražly oýun filmi” nominasiýasynda “Uzaklykdaky iki nätanyş” (Two Distant Strangers) ýeňiş gazandy. “Meniň osminog mugallymym” lentasy iň gowy dokumental film diýlip atlandyryldy.

şu gün 12:29
419

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
391

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
190

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

şu gün 09:33
3.7k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......