Kamaru Usman Maswidaly ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady

  • 25.04.2021 17:35
  • 8.8k+

Jeksonwillda (ABŞ) UFC 261 turniri geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýarym orta agramda Kamaru Usman bilen Horhe Maswidal duşuşdy.

Bu söweş Usman üçin bu diwizionda promouşeniň çempiony diýen tituly goramak söweşi we Horhe üçin rewanş boldy. Sekiz aý mundan öň Usman Maswidaly ynamly ýeňipdi.
Bu gezek Usman garşydaşyny ikinji raundda nokauta gidirdi. 33 ýaşly nigeriýaly söweşiji karýerasyndaky 19-njy ýeňşini gazandy. Ol 2013-nji ýyldan bäri ýeňilmän gelýär. Onuň hasabynda jemi 20 söweş bar. Usman titulyny yzygider dördünji gezek gorady. Maswidal üçin bu ýeňliş karýerasyndaky 14-nji boldy.

düýn 16:49
5.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:41
1.5k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....