Dünýäde koronawirusa garşy tas 1 mlrd sanjym edildi

  • 25.04.2021 12:10
  • 7.2k+

Dünýä jemgyýetçiligi ýakyn günlerde koronawirusa garşy 1 mlrd sanjym belgisinden geçer diýip, Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, 22-nji aprel boýunça tutuş dünýäde jemi 966 mln sanjym edildi. Sanjym depgini häzir günde 16 mln töweregi sanjyma deňdir. Şeýlelik bilen, sanjym hepdäniň ahyrynda 1 mlrd çäkden geçer.
Bloomberg agentliginiň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan ABŞ-da sanjym derejesi doly sanjym alan adamlaryň sany bilen däl-de, berlen sanjymlaryň ýa-da ulanylan sanjym dozalarynyň sany bilen hasaplanýar. Şeýlelik bilen, doly sanjym alanlaryň sany heniz 1 milliarddan az, sebäbi köp adamlar sanjymyň diňe birinji dozasyny aldylar. Bloomberg olaryň sanyny anyklaşdyrmaýar.
Agentlik sanjymyň geljekki depgininiň hem hasabyny çykarýar. Onuň tizligi ýokarlanýar, günde 16 mln sanjym diňe aralyk görkezijidir. Şeýle-de bolsa, bu şertlerde-de 10 mlrd sanjym derejesine ýetmek üçin – bu dünýä ilatynyň 75%-niň sanjym alandygyny aňladýar – 21 aý gerek bolar. Soň mesele kynlaşar we sanjym depgini gowşap başlar, sebäbi sanjyma şübhe bildirýänleri ynandyrmak zerur bolar.
Pandemiýa başlany bäri,  dünýäde 143 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 3 milliondan gowrak adam ýogaldy.

düýn 18:05
2.3k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......