Samsung kompaniýasy köne smartfonlary IoT gurluşlaryna öwrer

  • 25.04.2021 11:11
  • 6.8k+

Samsung kompaniýasy Galaxy Upcycling başlangyjynyň çäginde köne smartfonlary zatlaryň internetiniň (IoT) öý gurluşlary hökmünde ulanmagyň täze usulyny teklip etdi diýip, mn.ru habar berýär.

Galaxy Upcycling programmasy Galaxy hatarynyň könelişen telefonlaryny öýde ulanmak üçin gurluşlara öwürmäge mümkinçilik berýär. Programma üpjünçiligini täzelemek gajetiň ses datçigi ýa-da ýagtylyk datçigi bolup bilmegi üçin, zarýad bermezden smartfonuň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.
Täze programma üpjünçiligi telefonlara sesleri has takyk tanamaga we ýagtylyga täsirlenmäge mümkinçilik berer. Eger gurluş çaganyň aglaýan ýa-da gapynyň kakylýan sesini «eşitse», ulanyja habar we ses ýazgysy geler. Şeýle-de, smartfon otagyň yşyklandyryş derejesine gözegçilik edip, çyrany ýa-da telewizory awtomatiki ýakyp biler. Geljekde oňa Samsung SmartThings firma ekoulgamyndaky islendik elektronikany dolandyrmak «öwrediler».
Programmany synagdan geçirmek işi ABŞ-da, Beýik Britaniýada we Günorta Koreýada başlar. Oňa 2018-nji ýyldan soň çykarylan we Android 9-dan pes bolmadyk operasion ulgamynda işleýän S, Note we Z hatar telefonlarynyň eýeleri gatnaşyp biler.
Belläp geçsek, Galaxy Upcycling başlangyjy köne elektronika galyndylarynyň mukdaryny azaltmaga gönükdirilýär.

şu gün 08:37
607

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......