Aýgytly – ýylyň iň owadan ahalteke bedewi boldy

  • 23.04.2021 19:56
  • 24k+

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara «Türkmen alabaý itleri« assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bahar paslynyň hoştap howaly çagynda gözel tebigatyň goýnunda bina edilen atçylyk toplumynda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, baýramçylyk joşguny höküm sürdi. Bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda ýeňijiler kesgitlenildi we olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýeňijiniň şahadatnamasy hem-de uly ekranly «Tolkun« telewizorlary sowgat berildi.
Soňra bäsleşigiň Baş baýragynyň – «Ýylyň  iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. Ýylyň iň owadan bedewi hökmünde «Aýgytly« atly bedew saýlanyldy.  Iň gözel bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýeňil awtomobil sowgat edildi.

şu gün 00:05
700

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......

düýn 23:06
244

Astanada Benksiniň asyl nusgadaky eserleriniň sergisi açyldy

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Lumiere Hall» multimediýa meýdançasynda dünýä belli britan köçe suratkeşi Benksä bagyşlanan «Benksi: genimi ýa-da ýumrujy?» atly sergi açyldy....

düýn 22:52
2k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

düýn 20:16
1.6k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....