Apple düwmesiz ilkinji iPhone-y döredip biler

  • 22.04.2021 08:11
  • 17k+

Apple amerikan korporasiýasy ýitýän düwmeli täze iPhone smartfonuny döredip biler. Bu barada “Appleinsider” neşiri ýazýar. Onda ABŞ-nyň patent we haryt bellikleri boýunça edarasynyň saýtynda fiziki düwmeleri bolmadyk gajetleri döretmek baradaky talaplygyň bardygy habar berilýär diýip, csn-tv.ru belleýär.

Apple inženerleri düwmeleriň deregine ýanaşma täsirlenýän we diňe zerur bolan ýagdaýynda peýda bolýan dolandyryş üçin ýörite sensor üsti teklip edýärler. Täze tehnologiýa “ýitýän düwmeler” diýlip atlandyryldy.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle dolandyryş elementiniň ýüze çykmak zerurlygy gurluşlardaky, aýratynam smartfonlardaky fiziki düwmeleriň eýýäm köne element bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, şeýle düwmeler gajetden çykyp, onuň bitewiligini bozýar. Fiziki düwmeler sensor paneli bilen deňeşdirilende, döwülmäge hem ýakyndyr.
Döwrebap daşky görnüşden başga-da, gurluş kämilleşdirilen funksiýa hem eýe bolar diýip, işläp düzüjiler çaklaýarlar. Ýöne esasy kynçylyk häzirlikçe geljekki ulanyjylara sensor düwmäniň nirede ýerleşýändigini düşündirmek bolup durýar. Netijede, gurluşyň eýesi ol ýa-da beýleki dolandyryş elementiniň ýerleşýän ýerini duýgurlyk bilen tapmagy öwrener.

düýn 23:52
584

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......

düýn 23:40
482

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

düýn 11:17
4.7k+

«Ýasalan» däl, eýsem ABŞ-da «buýsanç bilen ýygnalan»: Trump Phone ilkinji gezek wideoda görkezildi

«Trump Mobile» kompaniýasy ozal çykyş möhletiniň gijikdirilmegi we dizaýnynyň üýtgedilmegi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilen «T1 Phone» smartfonynyň ilkinji nusgalaryny žurnalistlere gowşuryp başlady....

düýn 11:13
1.7k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....