REMEZAN — MÜBÄREK AÝ

  • 19.04.2021 13:33
  • 23k+

Ruhy gymmatlyklarymyzyň biri bolan Remezan aýy dowam edýär.
Ata-babalarymyz Remezan aýyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Aý-günleriň hiç birini bihal saýmasalaram, Remezan aýy gelende begenişer ekenler. Her ýylyň oraza möwsüminde Alladan edýän üznüksiz dileg-dogalarynyň biri hem indiki Remezana ýetirmek we bu aýdaky her bir amaly öz dergähinde kabul etmegi hakdaky dilegler bolupdyr.

Remezanyň biz üçin ruhy terbiýesi has ähmiýetlidir. Bu günlerde  ala säherden gün batýança iýip-içgiden saklanyp, agyz beklenilýär. Ýöne bu Remezanyň diňe maddy tarapydyr. Onuň ruhy tarapy has terbiýeleýjidir. Bu döwürde boş gürrüňlerden, çylkasyz, suwjuk sözlerden, gyzyldan gymmatly wagtyňy alýan biderek oýun-güýmenjelerden, gybatdan, gep gezdirmekden, içigaralykdan, ýalançylykdan daş durupdyrlar. Gijelerini ybadat, haýyrly amallar bilen geçiripdirler. Garyp-gasarlara, misginlere gowy garaşyk edipdirler. Olara sadaka, haýyr-yhsan, tagam-hödür, agzaçar beripdirler. Käbir adamlaryň pikir edişi ýaly, bu aý geleňsizlik edilýän, bikär oturylýan, ýaltalyk bilen ýa-da ýatyp gün geçirilýän aý däldir. Remezan aýy gaýrata galynýan, durkuň-süňňüň bilen yhlasa we amala berilýän aýdyr. Bu aýda ýagşy niýetlere berilmek bilen, ata-babalarymyz özlerini ruhy taýdan taplapdyrlar. Şonuň üçin bu mübärek aýy uly şatlyk, begenç, söýünç we ruhubelentlik bilen garşy almak indi däp bolup galypdyr.
Remezan aýy boýdan-başa her bir haýyrly iş üçin sähetdir. Sebäbi Remezan aýy agyz beklemek, bedenimizi maddy we köňlümizi ruhy taýdan arassalamak, päklemek üçin Allanyň saýlan mübärek aýydyr. Ata-babalarymyzyň ýazuw mirasynda bu aý hakda şeýle jümleler bar: «Remezan – ynsanyýeti  gapyllyk tümlüginden halas edip, ýagtylyga çykarýan Kurany-kerimiň inderilen aýy. Jennet gapylarynyň giňden açylyp, dowzahyň tüýnük-gapysynyň baglanylýan aýy. Ýaramaz pälleriň, tersin oý-hyýallaryň baglanyp goýulýan aýy. Ýagşylyklaryň adatdakysyndan has köp sogaba, esse-esse ýalkanmaga sebäp bolýan, derejeleriň, mertebeleriň ýokary göterilýän aýy. Ýalňyşlyklaryň we ýazyklaryň, hatalaryň we säwlikleriň bagyşlanylýan aýy».
Biz mübärek Remezan aýynda durmuşymyza many çaýjak, ýaşaýşymyzy gözelleşdirjek, saglygymyzy berkidip, ýüzümiziň nuruny artdyrjak köp sanly amatly pursatlary tutup bilýäris. Bu aý ajaýyp pursatlaryň we beýleki aýlarda tapyp bolmaýan ömür bähbitli mümkinçilikleriň aýy hasaplanylýar. Bu aý bize durmuşymyzyň täze sahypasyny açmaga itergi berýän, şert döredýän aýdyr. Ähli ýaramaz endiklerimizden saplanmagy ýüregimize düwüp, maksada yhlaslylyk, zähmetsöýerlik, halalsöýerlik donuna bürenmek isleýän bolsak, turuwbaşdan şol häsiýetleri aňladýan sözleri aňymyza guýmaly. Oňlanylmaýan endiklerimizden saklanmak, ruhy-ahlak taýdan arassalanmak we saplanmak üçin, her bir sogaply, hasylly, netijeli amala mundan bu ýana çynlakaý yhlas bilen ýapyşmak üçin ynam, gaýrat we gujur-dogum berip bilýän aýdyr. Bu aý öz öňümizde öňküden-de işjanly, halal bolmak üçin söz berip, şol söz bilenem özümize ynam edip bilýän aýymyzdyr.
Remezanyň ruhy-terbiýeçilik tarapy elmydama köp agzalýar.  Diňe bir iýip-içgiden saklananymyz ýeterlik hasap edilmeýär, aslynda-da hakyky oraza üçin gündizlerine iýip-içmezlik bilen birlikde, on iki süňňümizi hem haram hereketlerden saklamalydyrys. Ýogsam oraza tutuldygy däldir. Biz oraza süňňümiz, köňlümiz bilen berilmeli: gödek, gabahat we paýyş sözleri dilimize almaly däl, haram sözlerden, haram garaýyşlardan, haram söhbetleri diňlemekden, haram zatlary iýip-içmekden saklanmaly. Oraza niýetini ýüregiňe düwen bolsaň, onuň ähli edep-kadalaryny, düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek gerek.  Ýagşy amallary, haýyrly işleri öňküdenem köp etmeli.  Biri sögse, oňa sögünç  bilen jogap bermän: “Men orazaly, meniň agzym bekli” diýip, içiňden gaýtalamalydygy ündelýär. Ýaramazam bolsa ýamanlyk bilen jogap gaýtarmak halanylmaýar. Şu zatlara oraza bereketi bilen endik edilse, soňra hakyky häsiýete öwrülýär duruberýär. Şeýdibem bu mübärek aýyň bereketini özümize siňdirip bilýäris. Orazalarymyzyň we salyh amallarymyzyň doly, kämil bolmagy üçin ähli adama gowy garamaly, ýagşy sözleri aýtmaly, iň bolmanda, içimizden-daşymyzdan ýagşy niýet saklamaly. Namazymyzda, orazamyzda we ähli amallarymyzda il-günümiz, ýurdumyz, Watanymyz üçin ýagşy dileg-dogalar etmeli. Çünki bu aýda edilen salyh amallar we dileg-dogalar Hak dergähinde kabul bolýandyr.
«Müň aýdan, ýagny 83 ýyl 4 aýdan hem haýyrly bolan» Gadyr gijesi hem Remezan aýyndadyr. Allatagala bu gijede Kurany inderdi, şeýdibem Gadyr gijesini beýleki gijelerden tapawutly etdi.
Pygamber alaýhyssalam Remezanyň soňky on güni galanda, bilini berk guşar eken, gijelerini tutuş ybadata bagyş edip, ýatman geçirer eken. Bu mübärek gijäniň bereketinden binesip galmazlygy üçin maşgalasyny hem oýaryp, olara yhlas-ybadaty ündär eken.
Bereketi çogup duran bu aýda bir minudymyzy bisarpa tutmazlyk, biderek ötürmezlik üçin, öň elden sypdyranam bolsak, mundan bu ýana hakyky manyly ýaşamak üçin bilimizi berk guşap, gaýrata galynýan, täze adam bolunýan aýdyr. Şeýdilende, Remezan bereketiniň ojaklaryňyza, köňlüňize siňjekdigine güman bolmaz. Goý, tutan orazalaryňyz, il-ýurt, Watan üçin eden dileg-dogalaryňyz Hak dergähinde kabul bolsun. Jan saglygynda, baş bitinliginde indiki remezanlara ýetirsin!

düýn 17:57
7.4k+

Tailanda şa ene Sirikit aradan çykdy: ýurtda bir ýyl matam yglan edildi

Tailandda 93 ýaşynda şa ene Sirikit aradan çykdy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Patyşa maşgalasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, ol Bangkokyň hassahanalarynyň birinde ýogaldy. 17-nji oktýabrda Sirikitde sepsis – ganyň zäherlenmegi ýüze çykdy, lukmanlar ähli tagallalara garamazdan, oňa garşy durup bilmedi...

düýn 15:34
972

Adaty gözleg ulgamlarynyň hereketi 2025-nji ýylda 25% pese düşdi

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Google, Yahoo we Bing ýaly adaty gözleg ulgamlarynyň ýerine adamlar emeli aň esasly hyzmatlara has köp ýüz tutup başladylar. Ulanyjylar bu hyzmatlaryň has amatlydygyny, sebäbi onlarça linki açyp gözlemän, derrew taýýar jogap berýändigini belleýärler...

düýn 11:34
3.7k+

iPhone 17-ler öňki modellerden has meşhur boldy: isleg garaşylandan ýokary

Täze iPhone 17 modelleri özünden öňki enjamlardan has meşhur bolup çykdy. Financial Times neşirine salgylanyp berilýän maglumatlara görä, üpjünçilik zynjyrynda täze Apple smartfonlaryna degişli sargytlar geçen ýylky iPhone 16-lara garanyňda has köp...

24.10.2025 16:43
1.3k+

Billboard Hellouin üçin 25 meşhur aýdymy saýlady

Billboard žurnaly Hellouin üçin 25 meşhur aýdymdan ybarat reýtingi hödürledi. Ol Billboard Hot 100 çartynda aýdymlaryň ýeten üstünlikleriniň esasynda düzüldi, şonuň üçin sanaw aýdym-saz muşdaklaryny geň galdyryp biler...