Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Meýilnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi

  • 18.04.2021 05:59
  • 8.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny makullady. Meýilnamanyň taslamasy Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Meýilnama çäreleriň birnäçesini, şol sanda Türkmenistanyň halkara guramalaryň agzalygyna girmegi, olaryň çäklerinde başlyklygy amala aşyrmagy we ýurdumyzyň saýlawly halkara düzüm birliklerine saýlanylmagy boýunça çäreleri öz içine alýar. Bu babatda ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda 2021-nji ýylda başlyklygyny amala aşyrmak hem-de degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň düzümlerine saýlanylmagyny üpjün etmek boýunça göz öňünde tutulan işleri aýratyn görkezmek bolar.
Şeýle hem halkara guramalar bilen bilelikde, milli derejede kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek, degişli hukuk binýadyny ösdürmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. BMG-niň we onuň düzümleriniň, beýleki abraýly guramalaryň Konwensiýalaryny we köptaraplaýyn resminamalaryny tassyklamak hem-de açylýan mümkinçilikleri öwrenmek bilen bagly meselelere yzygiderli seretmek meýilleşdirilýär.
Meýilnama ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň çäklerinde her ýyl geçirilýän ýokary derejeli mejlisleri, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň mejlislerine we duşuşyklaryna Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri öz içine alýar.
Şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň we Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň sebitleýin merkezini açmak boýunça işleri geçirmek, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasyny taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, degişli halkara guramalar bilen zerur bolan çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

düýn 23:57
953

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 22:18
6.5k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....