S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlandy

  • 16.04.2021 18:14
  • 23k+

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda assosiasiýasynyň agzalarynyň ses bermegi bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde guramaçylyk meselelerine seredildi. Türkmen Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine başga mynasyp adamyň saýlanylmagy barada aýdyp, bu barada nähili teklipleriň bardygyny sorady.
Şoňa laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryndan P.Baýramdurdyýew, D.Saparow hem-de S. Kuljanow dagy çykyş edip, S.Berdimuhamedowy assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagyny teklip etdiler.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň ses bermeginde S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy.

S.Berdimuhamedow eden çykyşynda assosiasiýasynyň agzalary bilen bilelikde ahalteke bedewleriniň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ähli tagallaryň ediljekdigini belledi.

şu gün 08:06
229

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
672

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
8.3k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

düýn 07:53
2.8k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....